12 OÝUNDAN SOŇ “ÇELSINI” ÝEŇDI
Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” sa­na­wyň li­de­ri “Çel­si­den” Reş­ford we Her­ra­ra­nyň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “Ýu­naý­ted” “Çel­si­ni” 12 res­mi oýun­dan soň, ýeň­me­gi ba­şar­dy.
“Tot­ten­ham” öz meý­dan­ça­syn­da “Born­mu­ty” 4–0 ha­sa­byn­da utup, “Çel­si” bi­len ara­ta­pa­wu­dy 4 utu­ga dü­şür­di.
Myh­man­çy­lyk­da “Man­çes­ter Si­ti” “So­ut­hemp­to­ny” 3–0, “Li­wer­pul” “West Brom­wi­çi” 1–0, “Ar­se­nal” “Middlsb­ro­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.
Angliýanyň 2-nji ligasynda 43 oýunda 92 utuk toplan “Braýton end Houw Albion” 34 ýyldan soň, ýokary liga çykdy.

“REALDYR” “BARSELONA” KYNLYK BILEN ÝEŇIŞ GAZANDY
Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Re­al­dyr” “Bar­se­lo­na” bu tap­gyr­da öz gar­şy­daş­la­ry­ny kyn­lyk bi­len, ýag­ny 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy. Myhmançylykda “Sporting” bilen duşuşan “Rea­la” ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly 90+3-nji mi­nut­da Is­ko der­we­zä gi­riz­di. “Barselona” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” kabul etdi. 5 pökgi-de 1-nji ýarymda, 3-si 42-nji minutdan soň derwezä girizildi. Mes­si 2 gol 1 asist­lik ne­ti­je bi­len to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da esa­sy ro­ly oý­na­dy.
Çem­pi­on­lyk­dan arany açan “At­le­ti­ko” Kar­ras­ko­nyň 2 gol ge­çi­rip, 1 pe­nal­ti­ni sa­lyp bil­me­dik oý­nun­da “Osa­su­na­ny” 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri 2 ge­zek pe­nal­ti­ni dürs urup bil­me­di­ (Kar­ras­ko 89, To­mas 90).
“INTER”–“MILAN”
ÝENE-DE DEŇME-DEŇ
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da hy­taý­ly­la­ryň ga­ra­ma­gyn­da­ky 2 to­par, Mi­lan şä­he­ri­niň 2 we­ki­li “In­ter” bi­len “Mi­lan” du­şuş­dy. Te­le­ýaý­lym­da 800 mil­li­on­dan gow­rak to­ma­şa­çy­nyň syn eden “Der­by Del­la Ma­don­ni­na” der­bi­si edil 1-nji aý­law­da­ky ýa­ly, 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 1-nji ýa­rym­da 2 pök­gi ge­çi­ren “In­ter”, oý­nuň 83-nji we 90+7-nji mi­nut­la­ryn­da eze­li bäs­de­şi­niň go­rag­çy­la­ry­nyň – Ro­man­ýo­li we Za­pa­ta­nyň gol­la­ry­na çä­re ta­pyp bil­me­di.
Nobatdaky çem­pi­on­ly­gyna barha go­laý­la­ýan “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da aşa­ky li­ga git­jek­di­gi gör­nüp du­ran “Pes­ka­ra­ny” Hi­guai­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di.

“LEIPSIG” ÇEMPIONLAR LIGASYNDA
Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da öň­de­ba­ry­jy “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Ba­ýer” bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy.
2-nji ha­tar­da­ky “Le­ip­sig” “Fraý­burg­dan” 4–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.

“SPAR­TAK” ARA­NY AÇ­ÝAR
Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nda “Ze­nit­den” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan sa­na­wyň li­de­ri “Spar­tak” çem­pi­on­ly­ga ýe­ne bir ädim go­laý­la­dy. “Spar­tak” çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 7 tap­gyr ga­lan­da, ara­ta­pa­wu­dy 10 utu­ga çy­kar­dy.
SSKA öz meý­dan­ça­syn­da “Ros­tow” bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Şu möw­süm­de “Ros­tow” 5-nji sa­par 0–0 ha­sa­byn­da deň­lik­de oý­nap, bu ugur­da öz­bo­luş­ly re­kord goý­dy.

57 ÝYLDAN SOŇ
Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Mo­na­ko” “Di­žo­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, bas­syr 26-njy du­şu­şy­gyn­da-da gol ge­çir­di we 60 ýyl­lyk öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.
PSŽ myh­man­çy­lyk­da “An­že­ni” Di Ma­ri­ýa­nyň 2 go­ly bi­len ut­dy. Olar gal­dy­ry­lan oýun­da-da “Mets” toparyny 90+3-nji mi­nut­da Ma­tui­di­niň ge­çi­ren go­ly bilen 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.
“Nan­si” to­pa­ry­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen “Nis­sa” 57 ýyl­dan soň, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, to­par çem­pio­na­ty öň­dä­ki 3 orun­da ta­mam­lar.