1977-nji ýyl­da önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nan “Niva” aw­tou­la­gy­nyň 40 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýö­ri­te se­ri­ýa­sy ön­dü­ri­ler. Ýol­suz ýer­den ýö­re­mä­ge ni­ýet­le­nen bu ulag­dan hä­zi­re çen­li 530 müň sa­ny­sy ön­dü­ri­lip, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na sa­ty­lyp­dyr. “Niva”-nyň daş­ky keş­bi dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri üýt­ge­me­di di­ýil­se ýal­ňyş bol­maz. 1971-nji ýyl­da VAZ-yň konst­ruk­tor­la­ry “Land Rover” ula­gy­nyň şas­si­sin­den peý­da­la­nyp, ýol­suz ýer­den ýö­re­mä­ge ni­ýet­le­nen ki­çi göw­rüm­li ula­gy dö­ret­mä­ge gi­riş­ýär­ler. Şeý­le hem VAZ bren­di­niň beý­le­ki ulag­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ital­ýan­la­ryň FI­AT kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­si­ri ýetýär. Onuň il­kin­ji çy­kan he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň 1,6 litr­lik nus­ga­sy 60 san­ti­metr­lik suw­dan we 100 san­ti­metr gar­dan geç­mä­ge ukyp­ly­dy. “La­da” ta­ra­pyn­dan 40 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp dö­re­dil­jek je­mi 1977 sa­ny ýö­ri­te ulag­lar sar­gyt eden müş­de­ri­le­re iýun aýyn­dan baş­lap, ýe­ti­ri­lip baş­la­nar. Köp ýe­ri pos­la­ma­ýan po­lat­dan ýa­sa­lan ula­gyň kuw­wa­ty 83 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 1,7 lit­re ba­ra­bar­dyr.