NA­SA bi­len “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­la­ry kos­mos gi­ňiş­li­gin­den 4K du­ru­ly­gyn­da gö­ni ýaý­ly­my hö­dür­lär. Ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­den gö­ni ýaý­ly­my ýo­la go­ýar. 26-njy ap­rel­de Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­den al­nyp gör­ke­zil­jek ýaý­lym üçin “Ama­zon Web Services” teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­ny­lar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da ýa­pon kos­mos ula­gy ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne 6K du­ru­ly­gyn­da wi­deo­ýaz­gy edip bil­ýän “Epic Dra­gon” ka­me­ra­sy äki­di­lip­di. Ula­ny­jy­la­ryň ýo­ka­ry du­ru­ly­gyn­da­ky wi­deo­la­ry gör­mek­le­ri üçin 4K ek­ra­ny bol­ma­gy hök­man­dyr. Gö­ni ýaý­lym ta­mam­la­nan ba­dy­na NA­SA bu wi­deo­ny in­ter­net saý­ty ar­ka­ly köp­çü­li­giň gö­rüp bil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.