Nýu Ýorkda 117-nji gezek geçirilen halkara awtoulag sergisinde “Lucid Motors” kompaniýasy “Lucid Air” hem-de “Alpha” elektroulaglaryny köpçülige görkezdi. “Alpha”-nyň sagatdaky tizligi 350 km-e ýetýär. “Lucid Air” geçen ýylyň dekabrynda köpçülige görkezilipdi. Ulag ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilip, giň bolmagy bilen tapawutlanýar. Tutuşlygyna elektrik energiýasy bilen işleýän maşyn bir gezekki zarýady bilen 400 mil (643 km) ýol geçip bilýär. 2019-njy ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýan ulagyň kuwwaty 1000 at güýjüne barabar bolar. Kompaniýanyň Arizona ştatyndaky zawodynda, ilkinji nobatda, 10 müň ulag öndüriler. 2022-nji ýyldan başlap, her ýylda 130 müň ulag öndüriler.