21-28-nji aprel aralygynda geçirilýän Şanhaý awtoulag sergisine dünýäniň iri awtoulag öndürijileri gatnaşdylar. Iri önüm öndürijiler dünýäniň iň iri awtoulag bazaryndan paý almak üçin Hytaýa aýratyn üns berýärler. Sergide görkezilen awtoulaglarda ýokary tehnologiýanyň ulanylandygyny görmek bolýar. Hytaý brendleriniň awtoulaglarynyň amerikan we ýewropaly öndürijileriňkä çalyş edip başlandygy hem köpleriň ünsünden düşmeýär. Hytaýyň SAIC kompaniýasynyň “Roewe Vision-E” nusgalyk ulagy elektrik energiýasy bilen işleýär. Kompaniýa 2011-nji ýylda döredilen hem bolsa, bu ulagyň eýýäm 2018-nji ýylda satuwa taýýar boljakdygy aýdylýar. Ýolsuz ýerden ýöremäge niýetlenen ulag ýewropa brendleriniň ulaglaryna meňzeş bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulagyň öň tarapy tutuşlygyna LED çyralar bilen bezelipdir. Ulagyň içki gurluşy hem geljekden gelene meňzeýär. Ulagyň öň we yz tarapynda iki sany elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendiriji bar. Ol 100 km/s tizlige 4 sekuntda çykýar. Onuň bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli ýol geçip biljekdigi aýdylýar. Ulagyň batareýasyny 80 göterime çenli 15 minutda dolduryp bolar.