Suwuň adam bedenine peýdasy örän uludyr. Emma biz ýyly we sowuk suwuň ynsan saglygyna edýän täsiri barada nämeleri bilýäris?!
Adam bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat.
Hytaýlylar müňlerçe ýyldan bäri her pursatda ýyly suw içýärler. Çünki aşgazan beden üçin edil tamdyr ýaly işjeňligi ýerine ýetirýär. Iýlip-içilýän iýmitleriň siňdirilmegi üçin suw gerekli ýylylygy berýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, nahar wagtynda ýa-da nahardan soň, sowuk suw içilende, iýmit siňdiriş synalaryň köp energiýa harçlaýandygy, iýilen iýmitlerdäki ýaglary gatadýandygy we siňdirmegi kynlaşdyrýandygy anyklanyldy. Naharlanmazdan öňinçä ýa-da soňundan ýyly suw içmegiň aşgazany rahatlandyryp, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýändigi subut edildi.
Içine limonyň suwy goşulyp içilen ýyly suw metabolizmi (bedende madda çalşygy) tizleşdirip, göwrede birigen artykmaç ýaglaryň aýrylmagyna kömek edýär.
Üsgülewük, bokurdak agyrylarynda hem ýyly suw içmek has-da peýdaly. Ol deri öýjüklerini täzeleýär, saç astyndaky deriniň guramagynyň öňüni alýar. Bu bolsa, saçyň düýbüni berkidip, düşmegini azaldýar.