Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary sanardan köp. Bu ugurda owadandan, ýaraşykly şaý-sepler, öýleriň-toýlaryň gelşigi halylar, kemsiz bejerilen milli lybaslar, asyrlaryň wakalaryna şaýat bolup oturan ýadygärlikler, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda orun alan edebi eserler, arwana düýe, türkmen alabaýy we ýene-de ýüzlerçe nusgalary buýsanç bilen ýatlamak bolar.
Milli gymmatlyklarymyz hakynda söhbet açylanda, ilkinjileriň hatarynda göz alnymyzda tebigy gözelligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ýüwrükligi bilen älem-jahany özüne bendi eden ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri janlanýar. Merdana pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda alyp baran seçgi işleriniň, irginsiz gözlegleriniň, tutanýerli aladalarynyň netijesinde, ahalteke bedewleriniň kämil nusgasy kemala gelipdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik aladasy netijesinde, ahalteke bedewleri aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Milli Liderimiz döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden başlap, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty artyp ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap aýlawlary gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda, welaýatlarymyzda atçylyk sport toplumlaryny gurmaga ygtyýar berildi. Şeýlelikde, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Köpetdagyň eteginde Halkara atçylyk sport toplumy ulanylmaga berildi. Ol 92,4 gektarda ýerleşen sebitde iň iri Halkara atçylyk sport toplumydyr. Bu işler üstünlikli dowam etdirilip, 2011-nji ýylyň 24-nji aprelinde birwagtda Daşoguz, Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary açyldy. Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar tarapynda, gadymy ekerançylyk ýerleriniň ýakasynda gurlan atçylyk sport toplumy 52 gektar ýeri, Lebap şäherindäki Türkmenabat – Mary – Aşgabat gara ýolunyň ugrunda gurlan atçylyk sport toplumy 50 gektary, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň günbatar tarapynda ýerleşýän toplum 49 gektary, şeýle hem Mary şäheriniň gündogar çetinde ýerleşýän atçylyk sport toplumy 31 gektar meýdany eýeleýär.
Eziz Arkadagymyzyň dünýä atşynaslaryna “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” we “Ganatly bedewler” atly kitaplary sowgat etmegi atçylyk sungaty bilen iş salyşýanlara, ylmy işgärlere möhüm gollanma boldy.
Bilşimiz ýaly, her ýylda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlap, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat geçirilip, bu ugurda dünýä tejribesi durmuşa ornaşdyrylýar. Atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak ýaly asylly işler maslahatda öz beýanyny tapýar. Ählihalk baýramynyň çäklerinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” ady bilen halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi özüniň nurana tebigy gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewleriniň syn-sypatyna baha bermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şu ýyl halkymyz dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk saýasynda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda dünýä derejesinde iň uly sport forumyny – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny garşylar. Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek bu halkara sport forumynyň baş nyşany hökmünde türkmen ahalteke bedewiniň keşbiniň saýlanyp alynmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Aziada-2017-niň oýunlarynyň açylyş dabarasynda bedew atlar esasy üns merkezini eýelär. Şol günlerde atly ýörişiň tamamlaýjy tapgyry Mary welaýatynyň çäklerinden geçer. Mary welaýatyndaky dünýä belli “Galkynyş” gaz käninde Aziada-2017-niň oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy bolar. Soňra atly topar bu Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gözel paýtagtymyza tarap ýola düşer we 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabada gelip, Olimpiýa şäherjigindäki stadiona barar. Şol gün sagat 17-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň at gazanan Atşynasy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty gün-günden ýokary belentliklere eýe bolýar.
Häzirki döwürde dal bedewlerimiziň çeper keşbini janlandyrmak hem ýurdumyzyň çeper döredijilik wekilleriniň arasynda gyzgyn goldawa eýe boldy. Döredijilik äleminiň ussatlary öz nakgaşlyk eserlerinde, heýkellerde, haly we haly önümlerinde ýelden ýüwrük atlaryň keşbini janlandyryp, olaryň waspyny beýan edýärler. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewiniň, ahalteke atynyň şekillendiriş sungatynyň esasy temalaryň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlap, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylýanlygy bolsa, hut hormatly Prezidentimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini kepillendirýär, döredijilik, seýisçilik bilen meşgullanýanlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Türkmen bedewiniň baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýar.
Goý, hemişe şeýle beýik işleriň gözbaşynda durup, milli gymmatlyklarymyza egsilmez buýsanç döredýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmuhammet MÖJEKOW,
S.A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.