Hormatly Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Esasan hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş işlerini geçirmeklik giň gerime eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň sportda we bedenterbiýede uly abraýly derejelere ýetendigini geçen aýyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Aziada-2017-niň oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň nobatdaky maslahatyna gatnaşyjylar hem uly kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Bu uly sport forumyna taýýarlygyň hem-de ony guramaçylykly geçirmegiň türkmen sportuny täze, belent derejelere galdyrjakdygyny Arkadag Prezidentimiz şu aýyň 7-sinde Awazada bolup geçen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresinde eden çykyşynda: “Şol oýunlar taryhda şeýle ýokary derejede Merkezi Aziýada geçirilýän ilkinji bäsleşikler bolar hem-de biz ýurdumyzda bu oýunlaryň geçirilmegine halkara sport bileleşigi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän belent ynamyň, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek işinde gazanylan ykrarnamanyň nyşany hökmünde garamaga doly haklydyrys” diýip belledi.
2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna badalga berlen gününden bäri ýurdumyzda gurlan sport binalaryny, toplumlaryny, stadionlary, sport mekdeplerini… sanap çykmagam mümkin däldir. Diňe Olimpiýa şäherjiginde bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar 40-a golaý desganyň, şol sanda halkara derejesindäki dürli ýaryşlary geçirmek üçin 16 sport desgasynyň, suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin ýapyk we açyk howuzlaryň, 2 sany türgenleşik, 10 sany açyk tennis kortlarynyň gurlandygyny nygtasak, edermen gurluşykçylarymyzyň soňky ýedi ýyla golaýrak wagt bäri bitiren ajaýyp işleriniň belent möçberi aýan bolýar.
Ýokarda ady agzalan Halkara sport kongresiniň geçen güni Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iň iri sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. 28,5 gektar meýdanda ýerleşen sport merkeziniň düzüminde halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň 7-si, şol sanda sportuň suw we gyşky görnüşleri, söweşjeň sungatlary bilen meşgullanmak üçin binalar, iş otaglaryny birleşdirýän edara binasy, 150 orunlyk maslahatlar zaly, 2 müň 272 tomaşaça niýetlenen münberli uly meýdança, başa-baş söweş sungaty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin fitnes zallaryň 2-si, boksçylar üçin meýdança, boks, taekwondo, dzýudo, erkin we rim-grek söweşi, agyr atletika… boýunça ýaryşlary gurar ýaly giň zallar bar.
Gahryman Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda 2011-2020-nji ýyllarda sporty we bedenterbiýäni goldamak we ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmaklaryna iňňän uly täsir etdi. Şu ajaýyp maksatnama esasynda 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzda 119 sport mekdebiniň, 128 beýleki sport desgalarynyň guruljakdygyny nygtasak, bagtyýar ýaşlarymyza sport bilen meşgullanmaga iňňän uly giňişlikleriň açylýandygy aýan bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek baradaky edýän aladalarynyň jüpüne düşýändigini türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleri hem doly derejede subut edýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary bedenterbiýä, sporta aýratyn uly üns berýärler. Paýtagtymyzda, welaýatlarda, etraplarda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň köpelmegi türkmen ýaşlarynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar. Şolaryň netijesinde bolsa, ösüp gelýän ýaş nesiller hokkeý, woleýbol, basketbol, futbol, göreş, atçylyk, dzýudo, boks ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli türgenleşik geçýärler.
Soňky günlerde ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri türkmen türgenleriniň sebit we halkara ýaryşlarynda gazanan netijeleri, welaýatlarymyzda we gözel paýtagtymyzda ýaýbaňlanan sport ýaryşlary barada guwandyryjy hasabatlary ýygy-ýygydan çap edýärler. Diňe geçen hepdäniň özünde Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde 17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 17 ýurtdan 400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiziň 6 medal gazanandyklary guwanç bilen habar berildi. Ýaş küştçimiz L. Şöhradowa 2 kümüş, 1 bürünç medala, A. Nurmämedow kümüş hem-de bürünç medala, S. Atabaýew bolsa, bürünç medala mynasyp boldy. Geçen ýekşenbede Olimpiýa şäherjiginde söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty badalga aldy. Bu ýaryşa Aziýa ýurtlarynyň 30-syndan agyr atletikaçylaryň 200-den gowragy gatnaşýar. Ýaryşyň ilkinji gününde biziň ýygyndy toparymyzyň agzasy Ýyldyz Jumabaýewanyň 2 bürünç medala, Kristina Şermetowanyň hem iki bürünç medala mynasyp bolmagy, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionatynda türgenlerimiziň 2 altyn, 6 kümüş, 3 bürünç medal gazanmaklary olaryň Aziada-2017-ä taýýarlygynyň oňat netijeleri berjekdiginiň ilkinji buşlukçysy boldy.
Saglyk bolsa, paýtagtymyzda geçiriljek Aziada-2017-niň oýunlarynda hem türkmen türgenleri Gahryman Arkadagymyzyň özlerine döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerine jogap edip, ýokary derejeli medallara mynasyp bolarlar!
Röwşen Akmurzaýew,
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň bölüm müdiri.