“Volvo” kompaniýasy Hytaýda täze elektroulag işläp taýýarlajakdygyny we olary beýleki ýurtlara eksport etjekdigini mälim etdi. Birki ýyllykda Hytaýyň “Geely” kompaniýasy tarapyndan satyn alnan şwed brendi daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlanýan bu ulaglar üçin has köp maýa goýum goýýar. Ilkinji gibrid ulagy XC90-y 2015-nji ýylda satuwa çykaran “Volvo” geçen ýylyň aprelinde 2025-nji ýyla çenli bir million elektroulag satmagy maksat edinýändigini mälim edipdi. Kompaniýanyň wekili Mats Anderson golaýda “ýaşyl” ulaglara bagyşlanyp geçirilen maslahatda bu ulaglaryň Hytaýyň Lýuýsiao şäherinde öndüriljekdigini aýtdy. Ol doly zarýad bilen 250 mil (400 km) ýol geçip biler. Bu ugurda öňdebaryjy hasaplanýan “Tesla”-nyň “Model S 100D” ulagy bir gezekki zarýady bilen 540 km ýol geçip bilýär.
“Volvo”-nyň elektrokary 35-40 müň dollar aralygyndaky bahadan satylar. Ýagny “Tesla Model 3” bilen deňeçerräk bahada bolar. Bilermenler olaryň arasynda bäsdeşligiň başlanjakdygyny belleýärler. “Tesla” has köp adam üçin elýeterli boljak “Model 3”-i şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar.
“Volvo” 2019-njy ýylda başga-da ýene bir elektroulagyny öndürmegi maksat edinýär.