Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uç­ýan aw­toulag il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. “The Li­li­um Jet” at­ly ula­gyň deslapky uçu­şy Ger­ma­ni­ýa­nyň Ba­wa­ri­ýa we­la­ýa­tyn­da ama­la aşyryl­dy. Iki orun­lyk uç­ýan elekt­ro­kar ho­wa­da dür­li çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­sy gel­jek­de 5 orun­lyk elekt­rou­la­gy ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ulag tak­si hyz­mat­la­ry­ny ýerine ýetirmäge ni­ýet­le­ner. Gel­jek­de iri şä­her­ler­de ýol he­re­ke­ti­niň dyk­ny­şy­gy­ny azalt­mak­da uç­ýan ulag­la­ryň tä­si­ri­niň uly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry uly bol­ma­dyk “Li­li­um Je­tiň” sa­gat­da 320 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Uç­ýan ulag­la­ryň gün­de­lik dur­muş­da ga­bat gel­me­gi­ne en­tek köp wagt bar hem bol­sa, in­di onuň ha­ky­ka­ta öw­rü­lip bar­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.