Gadyrly çagalar! Häzirki döwürde tehnologiýanyň gazananlaryndan giňişleýin peýdalanýarys. Durmuşymyzy elektron ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Siz durmuşymyza has giň ornaşan jübi telefonlary barada nämeleri bilýärsiňiz?
Häzirki wagtda olaryň orny örän uly. Bu serişdeleriň peýdasynyň bolşy ýaly, zyýany hem bar. Täze telefon almak islänimizde, onuň prosessory, kamerasy, ekran aýratynlygy we batareýasynyň güýji bilen gyzyklanyp, onuň ýaýradýan elektromagnit tolkunlarynyň näderejededigini anyklamagy unudýarys. Aslynda, saglygymyza gönüden-göni täsir edýän diňe telefonuň radioaktiw şöhle ýaýradyşynyň mukdarydyr. Ondan ýaýraýan tolkunlaryň ýygylygy 100 kHz ve 10 Ghz aralygynda hasaplanyp, W/Kg ölçeg birligi bilen görkezilýär. Rugsat berlen bu mukdar ortaça, 1,6 W/Kg-dyr.
Jübi telefonlary elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen aragatnaşygy ýola goýýar. Adam bedeni bu tolkunlardan täsirlenýär. Olar ösüp gelýän ýaş bedenlere has-da güýçli täsir edýär. Elden düşürmän gezmek, yzygider gümra bolmak, elektromagnit tolkunlaryna duçar bolmakdyr. Emma habarlaşmak maksady bilen gysga aralyklarda ulanylanda, onuň ýaramaz täsiri azalýar. Tolkunyň iň köp ýaýraýan wagty bir ýere jaň edilen pursadydyr. Hünärmenler, haçan-da jaň eden adamymyz telefonyny açanda, elimizdäkini gulagymyza tutmagy maslahat berýärler.
Sapaklaryňyza oňat ýetişmekde işjeňligiňiziň peselmegi, deň-duşlaryňyz bilen özara gatnaşyklaryňyzyň kynlaşmagy wagtyňyzy bu ulgama köp sarp edýändigiňiziň netijesidir. Telefondaky gyzykly oýunlara güýmenip, ýolda-yzda daş-töweregiňizdäki hadysalary ünsden düşürmegiňiz mümkindir. Bu bolsa, dürli ýaramaz ýagdaýlaryň döremegine getirip biler.
Telefon, internet, telewizor ýaly ulgamlara gereginden köp wagt sarp etmek biziň ukymyza, iýmitlenmegimize, ruhy ýagdaýymyza, özümizi alyp barşymyza, eşidiş we görüş synalarymyza, ünsüň jemlenmegine, özümizi ýadaw duýmagymyza, ýatkeşligimiziň we bedenimiziň goranmak ukybynyň peselmegine getirýär. Şol sebäpli, bu ulgamlary hasaply ulansak, olaryň ýaýradýan elektromagnetik tolkunlaryna az sezewar bolarys.