Bir bar eken, bir ýok eken, bir obanyň gapdalyndan içi suwly bir ýap akýar eken. Onuň içinde bir gurbaga, daşynda bolsa, bir syçan ýaşaýar eken. Ýaz aýlarynyň maýyljak bir güni gurbaga ýabyň gyrasyna çykyp: –Şu gün howa örän oňat, bir şatlanaýyn– diýip, sazyny gurup, owaz edip başlapdyr.
Hälki syçan hem şol wagt hininiň daşynda güneşläp oturan eken. Ol gurbaganyň owazyny eşidip: –Bu nähili zatka, munuň özüni bir göreýin-le– diýip, gurbaga tarap ugrapdyr. Onuň bäri ýanyna baryp, şoňa bakyp oturypdyr. Şol ýerinden gurbaganyň owaza başyny ýaýkamaga başlapdyr.
Gurbaga ony görüp:
– Hää.., meniň owazym syçana ýaraýar eken. Men onuň bilen dost bolaýyn. Hemişe bile oturyp, aýdym-saz ederis – diýýär.
Şeýlelikde, bular dost bolýarlar.
Aradan gün geçýär, aý geçýär. Şonluk bilen, her gün öýlän syçan hininden, gurbaga hem suwdan kellesini çykaryp, saz-söhbet edipdirler.
Bir gün syçan wagtyndan irräk hininden çykyp, suwuň kenaryna gelip, gurbagany çagyrýar weli, gurbaga onuň sesini eşitmeýär. Syçan hinine girensoň, gurbaga suwdan kellesini çykaryp, syçany çagyrýar. Syçan hem onuň sesini eşitmeýär. Ol gün olar hiç saz edip bilmeýärler.
Şol günüň ertesi bular ýene bir-birlerine duşýarlar.
Syçan:
– Gurbaga dost, düýn saňa gygyryp, lütüm çykdy. Sen hiç eşitmediň – diýýär.
– Onda gurbaga:
– Be-e, şeý diýsene, ýöne düýn men hem saňa köp gygyrdym welin, eşitmediň öýdýän. Gowusy, gel ikimiz bir zat edeli. Sen bir ýerden uzyn ýüp tap. Şol ýüpüň bir ujuny seniň aýagyňa, bir ujuny meniň aýagyma daňaly. Kim-kime gerek bolsa, şol ýüpden çeksin – diýýär.
Syçan:
– Meniň öýümde ýüpden köp zat ýok – diýip, hinine ylgaýar. Biraz wagtdan soň, syçan bir ýüp getirýär. Gurbaga hem ol ýüpüň bir ujyni öz aýagyna, beýleki ujuny bolsa, syçanyň aýagyna daňýar.
Günleriň birinde syçan aç galyp, niýetini üýtgedýär. Ol gurbagany suwdan dartyp çykarýar-da, hinine tarap çekýär. Gurbaga syçanyň hinine sygmaýar. Syçan bolsa, ony sypdyrman dartyp duranmyş. Gurbaga şol ýerde germesatan bolup durka, ýagşy tanaman, syçany özüne dost tutanyna ökünipdir.