Elekt­ron ki­tap­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len ada­ty ki­tap­la­ra gy­zyk­lan­ma­nyň azal­jak­dy­gy, hat­da gel­jek­de ola­ryň do­lu­ly­gy­na ara­dan aý­ryl­jak­dy­gy ba­ra­da pi­kir­ler or­ta aty­lyp­dy. Em­ma wag­tyň geç­me­gi bi­len adam­la­ryň çap edi­len ha­ky­ky ki­ta­plara bolan islegleriniň has agdyklyk edýänligi anyk­lanyl­dy. Se­bä­bi elektron kitaplardan peý­da­lan­mak aň­sat ýa­ly gö­rün­se-de, oka­lan­ ýeri ýa ni­re­de ga­lan­dy­gyňy bil­mek üçin sa­hy­pa­la­ryň ara­syn­da ka­gyz (bellik) go­ýup bol­ma­ýar ýa-da ki­ta­byň nä­çe­räk ýe­ri­ni okan­dy­gy­ňy­ çen bi­len bil­mek üçin okalan sa­hy­pa­la­ry­ň ga­lyň­ly­gy­ny gö­rüp bol­ma­ýar. Şeý­le hem, gaý­ta­dan oka­mak üçin is­län ýe­ri­ňi­ tap­mak o di­ýen aň­sat däl. Ony dos­tu­ňa wagt­la­ýyn oka­ma­gy üçin ýa-da sow­gat hök­mün­de be­rip bol­ma­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, elekt­ron ki­tap­lar bi­len iş ota­gy­ny ýa-da tekjeleri be­zäp bol­ma­ýar. Şu se­bäp­ler­den, soň­ky bir ýy­lyň do­wa­myn­da elekt­ron ki­tap­la­ryň sa­tu­wy 17 gö­te­rim pe­se ga­çyp, çap edi­len ki­tap­la­ryň sa­tu­wy 8 gö­te­rim ar­tdy. On ýy­l tö­we­re­gi ozal il­kin­ji “Kind­le” sa­tu­wa çy­ka­nyn­da elekt­ron ki­tap­lar uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip­di. Şap­bat ýa­ly en­ja­ma ýüz­ler­çe ki­tap syg­dyr­mak ki­tap­hon­la­ry be­gen­di­rip­di. Em­ma on ýy­lyň do­wa­myn­da “Kind­le” en­jam­la­ry o di­ýen üýt­ge­me­di. Bi­ler­men­ler il­ki-il­ki­ler ýoň bo­lan elekt­ron ki­tap­la­ra gy­zyk­lan­ma­nyň aza­lýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Teh­no­lo­gi­ýa de­giş­li äh­li zat gün­sa­ýyn üýt­gäp du­ran­soň, adam­lar elekt­ron ki­tap­lar­dan has köp za­da ga­raş­dy­lar. Em­ma bu beý­le bol­ma­dy.

Gö­zü­ňe ys­sy gö­rün­ýär
Iň esa­sy zat ki­tap­lar gö­zü­ňe has ys­sy gö­rün­ýär. Şeý­le hem elekt­ron ki­tap­la­ryň äh­li­si el­ýe­ter­li däl. El­ýe­ter­li bo­la­ýan­da-da, ba­ha­sy ada­ty ki­tap­dan o di­ýen ta­pa­wut­ly däl. Bi­ler­men­ler so­si­al saýt­lar­da owa­dan sahaply, gül­le­riň ýa-da beý­le­ki sow­gat­lyk­la­ryň ýa­ny­na goý­lan ki­tap­la­ryň oky­jy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Adam­la­ryň kö­pü­si ki­ta­byň jil­di­niň owa­dan­ly­gy­na se­re­dip, ony sa­tyn al­ýar.

Ça­ga­lar elekt­ron ki­ta­by
ha­la­ma­ýar
Ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar­da oka­ma­ga hö­wes dö­ret­mek onuň ru­hy kä­mil­li­gi üçin ze­rur­dyr. Şol se­bäp­li kör­pe­le­re ni­ýet­le­nen ki­tap örän köp. Bir­meň­zeş reňk­li (adat­ça ga­ra ýa-da ak) elekt­ron ki­tap­lar ýaş oky­jy­la­ry özü­ne çek­me­ýär. Se­bä­bi ça­ga dün­ýä­si düý­bün­den baş­ga­ça. Olar ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ry­ny, su­rat­la­ry­ny el­läp, ony ýa­kyn­dan syn­la­mak is­le­ýär. Elekt­ron ki­tap­lar­da bol­sa, bu ýag­daý müm­kin däl.
Bu aý­dy­lan­lar ki­ta­byň bir gör­nü­şi­niň beý­le­ki­si­ne zy­ýan ýe­tir­ýän­di­gi­ni hem aň­latma­ýar. Se­bä­bi elekt­ron ki­tap oka­ýan adam, ýy­gy-ýy­gy­dan ada­ty ki­tap­la­ry hem sa­tyn al­ýar. Uzak ýo­la sy­ýa­ha­ta gi­de­nin­de ýa­ny­na elekt­ron ki­tap al­ýan adam, öýün­de dynç al­ýan wag­ty tek­je­dä­ki ki­ta­by­ny oka­ny­ny kem gö­re­nok. Ýag­ny is­le elekt­ron bol­sun, is­le çap edi­len ta­pa­wu­dy ýok, ola­ryň iki­si hem adam­la­ryň oka­ma­ga hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Bi­ler­men­ler elekt­ron ki­tap­la­ryň möw­ri­ti­niň ta­mam­lan­man­dy­gy­ny, em­ma il­ki çy­kan wag­tyn­da­ky ýa­ly gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar.