Mobil enjamlary bilen tanalýan “Samsung” kompaniýasy Günorta Koreýanyň gury ýer ministrliginden sürüjisiz ulaglary synagdan geçirmek üçin degişli rugsatnamany aldy. Bu ugurda öňden bäri iş alyp barýan kompaniýa häzire çenli şeýle ulaglaryny barlagdan geçirmek üçin ýaryş ýolundan peýdalanýardy. “Samsung Electronics” emeli aň we çuňňur öwreniji tehnologiýalar hem-de sensorlar arkaly erbet howa şertlerinde-de hereket edip bilýän awtoulaglary işläp taýýarlamagy maksat edinýär.
Firma häzirki wagtda “Hyundai” model awtoulagy synag maksady bilen peýdalanýar. “Apple” we “Google” ýaly “Samsung” hem awtoulag öndürmegi maksat edinmeýär.