Sü­rü­ji­siz he­re­ket edip bil­ýän uly göw­rüm­li ýük ulag­la­ryň al­ty­sy Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny aý­lan­dy. Özi he­re­ket edip bil­ýän ulag­lar en­tek sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­dy. Em­ma bu ugur­da­ uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Önüm ön­dü­ri­ji­leriň şeý­le ulag­la­ryň yg­ty­bar­ly­dy­gy­ny do­lu­ly­gy­na su­but et­mek­le­ri üçin sy­nag sü­rüş­le­ri do­wam et­di­ri­ler. Di­ňe ýe­ňil ulag­lar däl, ýük ulag­la­ry­nyň hem sü­rü­ji­siz he­re­ket edip bil­me­gi ug­run­da ala­da edil­ýär. “2016 Eu­ro­pe­an Truck Pla­too­ning Chal­len­ge” at­ly çä­rä­niň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek sü­rü­ji­siz ulag­lar baş­ga ýur­duň çä­gi­ne geç­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gol­daw ber­me­gin­de Gol­lan­di­ýa ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýük ulag­la­ry üç ýur­dy aý­lan­dy. Ola­ryň sy­ýa­ha­ty Gol­lan­di­ýa­nyň Rot­ter­dam şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. Je­mi iki müň ki­lo­metr ýol ge­çen ýük ulag­la­ry öz ara­la­ryn­da­ky ara­ly­gy “Wi-Fi” ar­ka­ly saz­la­dy­lar.
Olar ýan­gy­jy sü­rü­ji­li ulag­la­ra ga­ra­nyň­da, 10 gö­terim az sarp edip­dir­ler. Şeý­le hem tog­ta­ma­ly bo­lan ýag­da­ýyn­da adam­dan has çalt du­ran­dyk­la­ry ýa-da ba­dy­ny gow­şa­dan­dyk­la­ry anyk­lan­dy. Özi gid­ýän ulag­lar DAF, “Da­im­ler”, “Iveco”, “MAN”, “Scania” we “Volvo” brend­le­ri­ne de­giş­li.