7-nji maýda ýurdumyza gelip gowşan 50-ä golaý “John Deere W-540” galla orujy kombaýnlary garşylamak dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň, onuň düzüm bölümleriniň, dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, oba hojalykçylar, mehanizatorlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda köp ýyllaryň dowamynda işleýän “John Deere” kombaýnlary daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygymyzyň oňyn görkezijisi bolup durýar.
Amerikaly işläp taýýarlaýjylar täze tehnikalaryň kuwwatlylygyny, hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nobatdaky gezek görkezdiler. Ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerine laýyklykda, kämilleşdirilen tehnikalaryň 50-ä golaýy hojalyklar boýunça paýlanylar. Olaryň mehanizatorlary kesgitlendi. Ýakyn wagtda, has takygy, galla oragynyň başlanýan pursadyna çenli ýokary öndürijilikli tehnikalaryň ýene-de 100-den gowragy gelip gowşar.
Şunlukda, iýun-iýul aýlarynda boljak sürüm möwsümine çenli “John Deere 8245R” traktorlaryň 400-siniň gelmegine garaşylýar. Pagta ýygym möwsümine çenli bolsa, “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-si gelip gowşar. Şeýle kysymly kombaýnlaryň şunça mukdary Türkmenistana 2018-nji ýylyň ýygym möwsümine çenli gelip gowşar.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň buýurmasy boýunça “John Deere Internasional GmbH” kompaniýasy 2020-nji ýyla çenli üç tapgyrda döwrebap tehnikalaryň jemi 1350-sini getirer. Mundan başga-da, degişli ylalaşygyň çäklerinde bejergi, ekiş tehnikalarynyň, ätiýaçlyk şaýlaryň we beýleki sarp ediş serişdeleriniň ägirt uly tapgyry getiriler.
Tehnikalara hyzmat, ýerlerde bolşy ýaly, ähli welaýatlarda döredilen hyzmat merkezlerinde amala aşyrylýar. Olaryň işgärleri Ýewropanyň we ABŞ-nyň ýurtlarynda ýörite zähmet tejribeligini geçdiler. Kompaniýanyň Türkmenistandaky hyzmat merkezleriniň binýadynda, şeýle hem öndüriji ýurtlaryň okuw mekdeplerinde türkmen hünärmenleriniň yzygiderli geçirilýän okuw sapaklary özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze tehnikalary netijeli peýdalanmak boýunça sapaklar alnyp barylýar we bu ugur boýunça ýörite okuwlar geçirilýär, nutuklar okalýar.
Ýurdumyzyň oba-senagat toplumynyň tehniki binýadyny pugtalandyrmak bu çäreler bilen hem çäklenmeýär. Oba we suw hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýakyn geljek iki ýylyň dowamynda Germaniýanyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy tehnikalaryň uly möçberini ýurdumyza ugratmagy göz öňünde tutýar.