Alymlar balyk iýmiti hökmünde ulanylýan gurçugyň bir görnüşiniň plastmassa zyňyndylaryny iýýändigini anykladylar. Şeýlelikde, bu jandaryň plastmassa zyňyndylaryň daşky gurşaw üçin ýetirýän zyýanyny aradan aýryp biljekdigi aýdylýar. “Galleria mellonella” atly gurçuk tebigatda edil arylaryňky ýaly öýjüklerde süri bolup ýaşaýar. Federika Bertoççini atly ispan aryçysy bu gurçuklary plastmassa torba salanyndan soňra onuň eleme-deşik bolandygyny görüpdir. Ol Ispaniýanyň Biolukmançylyk we biotehnologiýa institutynyň hünärmenlerine ýüz tutupdyr. Ol Kembrij uniwersitetiniň hünärmenlerinden hem ylmy goldaw alypdyr. Ylmy barlagyň indiki tapgyrynda plastmassa zyňyndylaryň tebigy ýagdaýda eremegini üpjün edýän fermentleriň tapylmagy maksat edinilýär. Alymlar gurçukdaky käbir mikroplaryň plastmassany eretmekde täsiriniň bardygyny çaklaýarlar.