Londonda elektron oýunlarynyň sergisi geçirildi. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň tehnologiýa kompaniýalary özleriniň soňky önümlerini görkezdiler. Geçen aý “Oculus” kompaniýasy öz hyýaly hakykat äýnegini satuwa çykarypdy. HTC bolsa, “Vive” atly şeýle enjamy 899 ýewrodan satuwa çykarar. Köp ýyldan bäri oýun konsollaryny we beýleki güýmenje enjamlaryny öndürýän “Sony” “Playstation” äýnegini oktýabr aýynda satuwa çykarar. Bu önümiň beýlekilerden has arzan bolmagyna garaşylýar. Bu ugurda ady agzalan kompaniýalar öňdeligi eýeleýän hem bolsa, beýleki firmalar hem bu bazardan özüne paý almaga çalyşýar. Bu ýagdaýa Londonda geçirilen sergide hem göz ýetirmek mümkin. Sergide oýun we güýmenjä degişli dünýädäki täze tehnologiýalar getirilipdir. Bu ýerde Italiýanyň “Tiny Bull” studiýasy “Blind” atly oýnuny tanyşdyrdy. Bu oýny oýnaýan dumly-duşdan eşidilýän sesiň haýsy tarapdan gelýändigini bilmäge çalyşmaly. Bu oýun adamlaryň dürli duýgularyny ulanmagy we ösdürmegi maksat edinýär.
Şeýle äýnekler bilen oýnalýan oýun oýunçyny diňe ekrana bagly bolmakdan halas edýär we onuň daş-töweregini gaplap alýar.
Önüm öndürijiler üçin bu äýnekler täze oýunlary taýýarlamaga uly mümkinçilik berýär. Londonda geçirilen “EGX Rezzed” atly sergä 160-dan gowrak täze oýun hödürlendi.