Kitap okamagyň gözýetimimizi giňeldýändigi, ruhy taýdan kämilleşdirýändigi öňden bäri aýdylýar. Golaýda alymlar has başgaça açyş etdiler. Görlüp oturylsa, kitap okamak jemgyýetdäki gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam edýän eken. Angliýanyň Kingston uniwersitetiniň alymlary kitap okamagyň peýdasy barada ylmy iş geçiripdirler. Okamagyň täsiri baradaky iş köpçülige ýaýradyldy. Ylmy işe 123 adam gatnaşypdyr. Netijede, has köp okaýanlaryň söhbetdeşiniň ýagdaýyna has gowy düşünýändigi anyklandy. Olar telewizor görýänlere garanyňda, dostlaşmaga has köp ýykgyn edýärler. Kitaphonlar köpçülikde özüni has gowy alyp barýarlar. Şeýle hem okalan kitabyň mazmuny hem okyja täsir edýär.