“Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk CNBC teleýaýlymyndaky “Mad Money” gepleşiginde täze taslamalary barada gürrüň berdi. Kuk ABŞ-da önümçilik pudagyna 1 milliard dollar maýa goýum özleşdirjekdiklerini aýtdy. Ol ösen önümçilik işlerini höweslendirmek maksady bilen täze gazna döredendiklerini belledi. Şeýle hem kompaniýanyň ýolbaşçysy bu ugurdaky ilkinji taslamany şu aýyň ahyrynda mälim edip, önümçilik pudagynda täze iş orunlaryny döretjekdiklerini nygtady.
“Apple” şu ýylyň ilkinji dört aýyndaky girdejisi barada maglumat berdi. Kompaniýa dört aýda 52,9 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Bu görkezijiniň 11 milliard dollaryny peýda emele getirýär. Maglumatlara görä, “iPhone”-dan 50,8 milliony ýerlenip, iň köp satylan “Apple” enjamy bolupdyr. “iPad”-dan 8,9 milliony, “Mac”-dan bolsa, 4,2 milliony satylypdyr.