Smartfonlaryň aýratynlyklarynyň köp bolmagy olaryň uly bolmagyny hem talap edýär. Sebäbi ondan peýdalanmak üçin, adatça, ulurak ekrana zerurlyk duýulýar. Şol sebäpli has kiçi smartfon çykarýan firma ýok diýen ýaly. Golaýda “Jelly” atly ululygy babatda haýran galdyrýan smartfon peýda boldy. Ol şeýle bir kiçi welin, jins balaklaryň kiçijik jübüsine hem sygýar. 2,45 dýuýmlyk ekranly telefonda 1,1 GHz tizliginde 4 ýadroly mikroprosessor bar. RAM-y 2 GB, içki ýady 16 GB bolan telefon “Android 7.0 Nougat” amaly ulgamda işleýär. Şeýle hem onuň ýadyny microSD kart arkaly ulaltmak mümkin. Iki SIM kartly telefonda GPS, 4G LTE internet, öňünde 2 megapiksel, yzynda 8 megapiksel kamera bar. Telefonyň 109 dollardan satylmagyna garaşylýar.