Di­ňe jaň et­mek üçin te­le­fon ulan­ýan­lara niýetlenilip, iş­le­nip dü­zü­len “The Light Pho­ne” ýö­ne­keý­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Il­ki çy­ka­nyn­da di­ňe daş­da­ky­lar bi­len ha­bar­laş­ma­ga ni­ýet­le­nen te­le­fon­lar soň­lu­gy bi­len baş­ga mak­satlar üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. Em­ma hä­zir­ki wagt­da kim­dir bi­ri­ne jaň et­mek ha­ma­la te­le­fo­nyň ikin­ji ýa-da üçün­ji aý­ra­tyn­ly­gy ýa­ly ha­sap edil­ýär. Em­ma en­te­gem di­ňe jaň et­mek üçin te­le­fon ulan­ýanlar az däl. Şeý­le ula­ny­jy­lar üçin taý­ýar­la­nan “The Light Pho­ne” at­ly en­jam­da ses ga­tal­dy­jy, açyp-ýa­pyl­ýan düw­me, san­lar, ek­ran we zar­ýad ber­mek üçin microUSB bag­la­ny­şy­gy bar. Ulu­ly­gy bank kar­ty­nyň­ka ba­ra­bar te­le­fon gap­jy­gy­ňy­za hem syg­ýar. Ak we ga­ra reňk­li­le­ri bo­lan 150 dol­lar­lyk “The Light Pho­ne”-y in­ter­net­den sar­gyt edip bol­ýar.