Elekt­ron en­jam­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bi­len bir ha­tar­da, ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri hem ön­dür­ýän “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy bu ugur­da öz bäs­deş­le­ri­niň yzyn­dan ýet­di. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy öz bäs­deş­le­ri­ni hem çip­ler we mik­rop­ro­ses­sor­lar bi­len üp­jün ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa “Ga­laxy S1” en­ja­my­ny sa­tu­wa çy­ka­ra­nyn­dan bä­ri öz te­le­fon­la­ryn­da öz mik­rop­ro­ses­sor­la­ry­ny ulan­ýar. Kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da “Exynos” at­ly mik­rop­ro­ses­sor­la­ry hö­dür­läp, bu ba­zar­da­ky pa­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­dy. “Sam­sung” ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri ön­dür­mek­de dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän “In­tel” kom­pa­ni­ýa­syn­dan oz­dur­ma­gy ba­şar­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ba­zar­da­ky pa­ýy 11,6 gö­te­ri­me ýet­di. “In­tel”-iň­ki bol­sa, 14,8 gö­te­rim. 2012-nji ýyl­da ola­ryň ara­syn­da­ky ta­pa­wut 5,3 gö­te­rim, 2013-nji ýyl­da 4,2 gö­te­rim bo­lan­ly­gyn­dan ge­çen ýyl 3,2 gö­te­ri­me çen­li aza­lyp­dyr. Bu ugur­da 2014-nji ýyl­da 3-nji ýer­de dur­ýan “Qualcomm” kom­pa­ni­ýa­sy öz or­nu­ny “SK Hy­nix” fir­ma­sy­na be­rip­dir. Bi­ler­men­ler “Sam­sung”-yň mik­rop­ro­ses­sor önüm­çi­li­gi­niň ar­ty­şy­nyň do­wam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.