Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da sa­ty­lan äh­li ulag­la­ryň 2018-nji ýyl­dan baş­lap, “eCall” at­ly ul­gam bi­len en­jam­laş­dy­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ul­gam haý­sy­dyr bir nä­saz­lyk ýa-da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý ýü­ze çy­ka­nyn­da ulag ba­ra­da de­giş­li ýer­le­re ha­bar ber­ýär. Slo­we­ni­ýa ýol he­läk­çi­lik­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin bu ul­ga­ma de­giş­li mer­kez­le­ri gu­rup, eý­ýäm bu düz­gü­ni ýo­la goý­dy. Bu ýurt­da gys­sag­ly ça­ky­lyk mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Bost­jan Taw­kar ula­ga ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­lar üçin bir en­jam ýer­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni, ula­gyň tiz­li­gi bir­den üýt­gän ma­ha­ly ýa-da ho­wa ýas­sy­gy açy­lan ma­ha­ly ony de­giş­li mer­ke­ze ha­bar ed­ýär. En­jam ula­gyň tiz­li­gi haý­sy ta­ra­pa bar­ýan­dy­gy, nähili ýan­gyç­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy, için­de nä­çe ada­myň bar­dy­gy ba­ra­da aw­to­mat usul­da do­ly mag­lu­mat ber­ýär. Bu en­jamy hä­zir­ki bar bo­lan ulag­la­ra hem ýer­leş­di­rip bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu düz­gün Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­de tas­syk­la­nan­dan soň­ra güý­je gi­rer.