ABŞ-nyň älem giňişligini öwrenýän edarasy (NASA) 2030-njy ýylda Marsa ilkinji kosmonawty ibermegi göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdi. Bu barada NASA-nyň wekili Maýkl Fuler habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu uçuş üçin eýýäm taýýarlyk işleri başlandy. Ol dört tapgyrdan ybarat bolar. Ilkinji tapgyrda Marsyň ýokary gatlagynda barlag we synag işleri geçiriler. Ikinji tapgyrda Aýyň orbitasyna kosmos enjamy iberiler. 2020-nji ýylda Ýeriň orbitasyna uçuşlar amala aşyrylar.
Şondan soňra alymlar Marsa uçuşy amala aşyrmak üçin ýeterlik derejede taýýarlyk işleriniň geçirilendigini göz öňünde tutup, esasy maksadyny amala aşyrmaga girişerler.