ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da “Falcon-9” hem­ra gö­te­ri­ji ar­ka­ly “In­mar­sat-5 F4” ara­gat­na­şyk hem­ra­sy älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Bu eme­li hem­ra uçar­lar­da ka­bel­siz in­ter­net (Wi-Fi) ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Ka­na­we­ral bur­nu­nyň kos­mod­ro­mun­dan “Falcon-9” hem­ra gö­te­ri­ji­si as­man gi­ňiş­li­gi­ne uçu­ryl­dy. 32 mi­nut­dan soň­ra eme­li hem­ra­nyň or­bi­ta üs­tün­lik­li çy­ka­ry­lan­dy­gy mä­lim edil­di. “In­mar­sat-5 F4” eme­li hem­ra­sy “Glo­bal Xpress” to­pa­ry­nyň dör­dün­ji hem­ra­sy­dyr we ol de­ňiz­de, as­man gi­ňiş­li­gin­de we Ýer­de ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň iş­le­me­gi­ne şert dö­red­er.
“Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren eme­li hem­ra­sy­nyň ag­ra­my 6,7 ton­na deň­dir. Hä­zir­ki wag­ta çen­li ol “Falcon-9” hem­ra gö­te­ri­ji ar­ka­ly or­bi­ta çy­ka­ry­lan iň uly ýük­dür. Bu eme­li hem­ra 2013-nji ýyl­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan “Glo­bal Xpress” ul­ga­my­nyň dör­dün­ji ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­dyr.