“No­kia” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 3310 mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­nyň 24-nji maý­da Ang­li­ýa­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da şol döw­rüň iň uly te­le­fon ön­dü­ri­ji­si ta­ra­pyn­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lan “No­kia 3310”-yň 126 mil­li­ony ýer­le­nip­di. Mart aýyn­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ser­gi­de ta­nyş­dy­ry­lan tä­ze 3310 gel­jek aýyň ba­şyn­da beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 49 ýew­ro­dan aly­jy­la­ra hö­dür­le­ner. Ozal­ky mo­del­inden has ýu­ka we ýe­ňil bo­lan tä­ze te­le­fo­nyň ozal­kysy ýa­ly berk­di­gi aý­dyl­ýar. Onuň sa­ry, ýa­şyl we gök reňk­li gör­nüş­le­ri bo­lar. Ada­ty düw­me­le­ri bo­lan te­le­fo­nyň ulu­ly­gy ozal­ky mo­del bi­len deň hem bol­sa, aý­ra­tyn­lyk­la­ry has ýo­ka­ry. 2 MP du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şü­rip bil­ýän te­le­fo­nyň iç­ki ýa­dy­ny 32 GB-a çen­li ýo­kar­lan­dy­ryp bol­ýar.
Finl­ýan­di­ýa­nyň “No­kia” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­tu­wy smart­fon­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len pe­se ga­çyp baş­lap­dy. 2013-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 7,2 mil­liard dol­la­ra sa­tyn al­nan kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýy­lyň ahy­ryna çen­li öz ady bi­len te­le­fon ön­dür­me­gi çäk­len­di­ri­lip­di. “No­kia” wag­tyn­da dün­ýä­niň iň köp sa­ty­lan mo­del­le­ri­ni çy­ka­ryp­dy. 2003-nji ýyl­da çy­ka­ry­lan “No­kia 1100”-den dün­ýä bo­ýun­ça 250 mil­li­on­dan gow­ra­gy ýer­le­nip­di. 1999-njy ýyl­da ba­za­ra çykarylan “No­kia 3210” “ýy­lan” (Sna­ke) oý­ny bi­len ula­ny­jy­la­ryň göw­nün­den tu­rup­dy. 2000-nji ýyl­da hö­dür­le­nen “No­kia 3310” in­ter­ne­tiň il­kin­ji hyz­mat­la­ry­nyň bi­rin­den peý­da­la­nyp bil­ýär­di – WAP (Wi­re­less App­lication Pro­tocol). 2008-nji ýyl­da, ýag­ny “iP­ho­ne”-yň peý­da bol­ma­gyn­dan bir ýyl soň­ra fin kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sen­sor­ly en­ja­my “No­kia 5800 Xpress­Mu­sic”-i hö­dür­le­di. Bu smart­fon­dan 13 mil­lio­ny sa­tyl­dy. Onuň öň ýa­nyn­dan müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­len “5310 Xpress­Mu­sic”-iň GPRS (Ge­ne­ral Pocket Ra­dio Service) aý­ra­tyn­ly­gy bar­dy. 2007-nji ýyl­da hö­dür­le­nen “N95” te­le­fo­nynyň GPS, Wi-Fi we MP3 ple­ýer ýa­ly özboluşly taraplary bar­dy. 8 GB iç­ki ýa­dy bo­lan te­le­fon in­ter­net ar­ka­ly wi­deo gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Sa­tu­wa çy­ka­ry­lan il­kin­ji çär­ýe­gin­de bu telefonyň 10 mil­li­on sanysy sa­ty­lyp­dy.