Smartfonlaryň dürli maksatlar bilen peýdalanylmagy olaryň zarýadynyň gysga wagtda gutarmagyna getirýär. Şol sebäpli olary ýygy-ýygydan zarýada goýmaly bolýar. Hünärmenler bolsa, az energiýa sarp edýän enjamlary öndürmegiň aladasyny edýärler. “StoreDot” atly şereket bary-ýogy bäş minutda zarýad alyp biljek telefonlary satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Bu tehnologiýa ilkinji gezek 2015-nji ýylda Las-Wegasda geçirilen CES sergisinde köpçülige görkezilipdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Doron Mýersdorf metbugata beren beýanatynda bu enjamyň indiki ýylyň başynda müşderilere ýetiriljekdigini aýtdy. Golaýda bu kompaniýa bäş minutda zarýad alýan elektrokary hem köpçüligiň dykgatyna hödürläpdi. Kämil batareýa oturdylan bu ulag bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli menzil söküp bilýär.