Uly göw­rüm­li we ra­hat ulag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Audi” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “A8 L” at­ly se­dan ula­gy­nyň li­mu­zin nus­ga­sy  ön­dü­ril­di. Al­ty ga­py­ly “Audi A8 L Exten­ded” içiniň ra­hat­ly­gy we giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.  Uzyn­ly­gy 6,36 met­re deň bo­lan tä­ze “Audi” bu ba­bat­da 5,45 metr­lik “Mercedes-May­bach S600”-den hem uzyn. Ula­gyň ga­ba­ra­sy al­ýu­min­den ön­dü­ri­lip­dir. Al­ty sa­ny otur­gyç­lar so­wa­dy­jy, ýy­la­dy­jy we owkalamak hyz­mat­la­ry­ny hem ýerine ýetirýär. Onuň V6 he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 3 lit­re, kuw­wa­ty 310 at güý­jü­ne ba­ra­bar. 100 km/s tiz­li­ge 7,1 se­kunt­da ýet­ýär. Ula­gyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 250 ki­lo­met­r. Ulag kom­pa­ni­ýa­nyň ýew­ro­pa­ly müş­de­ri­si üçin ýö­ri­te taý­ýar­lan­dy.