Energiýany arzan we tebigata zyýan ýetirmezden almakda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňdebaryjy ýurtlaryň biri Gollandiýa hasaplanýar. Ilaty o diýen köp bolmadyk, emma senagat taýdan ösen ýurt tebigy mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Kenarýaka döwlet deňziň has içräginde ýelden energiýa alýan beketleriň gurluşygyny amala aşyrýar. Demirgazyk deňzinde gurluşygy dowam etdirilýän beketler toplumy 1,5 million ilaty energiýa bilen üpjün eder. Ýurduň kenaryndan we adalaryndan bu beketler görüp bolmajak derejede daş. Ýelden energiýa almakda dünýäniň iň iri desgalarynyň biri boljak toplum arkaly her ýylda 2,6 TW/s elektrik energiýasy öndüriler. Groningen şäheriniň kenaryndan 85 km daşlykdaky “Gemini” bekedi 68 inedördül kilometr meýdany eýeläp, bu ýerde 150 turbina bar. Sebitde ýeliň tizligi sagatda ortaça 36 km-e ýetýär. Toplum “London Array”-dan soňra deňizde gurlan iň uly ikinji ýel energiýasyny öndürýän beket bolar. Onuň öndüren elektrik energiýasy iki sany merkezde ýygnalar, dolandyryş merkezi gury ýerde bolar. Tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan taslamanyň gurluşygy “Van Oord” we “Siemens” kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýel degirmenleri daşky gurşawa berilýän zyýany ep-esli derejede azaldar. Hünärmenler ýel beketleriniň çykarýan sesiniň ilaty bimaza etmezligi üçin ony has uzakda gurmagy makul bilipdirler.