Aýaklarymyz iki işi ýerine ýetirýär: bizi “göterip”, islän ýerimize äkidýär. Agyr göwräni götermek üçin aýak-larymyz sagdyn hem-de kuwwatly bolmaly.
Aýaklarymyz uzak wagtlap aýakgaply gezilende derleýär. Çyg ýerde hem ýakymsyz ys ýüze çykýar. Şol sebäpli çagalar mekdepden gelenlerinde ilki bilen aýaklaryny ýyly suw bilen ýuwmaly. Aşa derlemäniň öňüni almak üçin bolsa, nah jorap geýmek, aýaklary ýygy-ýygydan ýuwup guratmak maslahat berilýär. Aýakgabyň dar ýa-da ökjesiniň beýik bolmagy hem aýagy ýadadýar. Hatda, gabarçyklaram ýüze çykýar. Bu bolsa, çagany hatda ulularam biynjalyk edýär.
Her gün belli bir wagt aralygynda tekiz ýerde aýakýalaňaç ýöremek, dyrnaklary wagtly-wagtynda almak, arassa jorap geýmek hem saglygymyz üçin örän derwaýysdyr.