Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 4 aýynyň jemi jemlenip, möhüm ähmiýetli wezipelere, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren özgertmeleri durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, geljekki ösüş ýolumyzy kesgitleýändigini mejlisde agzalyp geçilen anyk sanlarda görýäris. Geçen döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudagynyň we sebitleriň durnukly ösüşe eýe bolandygy, makroykdysady görkezijileriň bolsa, 6,2 göterim ýokarlanandygy, şol sanda senagat pudagynda 2,1, gurluşykda 4,3 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Jemi içerki önüm öndürilişiniň depgininiň geçen ýylyň degişli döwründen 3,6 göterim artandygy, zähmet haklarynyň 9,1 göterim köpelendigi halkyň durmuş derejesiniň hem yzygiderli ösýändigini görkezýär.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy 45 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 1900-e golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, şolaryň 1800-e golaýyny bolsa, öz gurluşyk kärhanalarymyzyň gurýandygyny bellemegi buýsandyryjydyr. Çünki şeýle köp sanly desgalary gurýan döwlet gurpludyr.
Ýurduň ösüşiniň netijeliligi köp babatda ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan netijeli düzgünleşdirilmegine baglydyr. Milli Liderimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça badalga beren strategik maksatnamalary ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga hem-de olary taýýar önüme öwürmek maksady bilen, ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň gurluşygyna iri maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy esasynda “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry“ Milli maksatnamasynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli Maksatnamasynda“ göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet ähmiýetli uly wezipeler çözülýär. Täze zawodlar, fabrikler işe girizilýär, täze önümçilik pudaklary açylýar. Ata Watanymyzyň bereketli topragyndan ekinleriň bol hasyly alynýar.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda” ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny hem-de gazgeçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly nebit ýataklaryny özleşdirmek, milli ykdysadyýeti toplumlaýyn senagatlaşdyrmak barada öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin soňky döwürde köp işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, kärini özleşdirmekde we işe ýerleşmekde, olaryň bilime, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Meselem, himiýa senagatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygy bilen bilelikde, zawodda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işleri hem alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň Garabogaz şäherindäki bölüminde 287 hünärmen taýýarlanylýar. Talyplar önümçilik tejribeligini konserniň “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynda geçýärler. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döredilen kärhanalaryň sanynyň artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň gowulanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyz: “Biziň esasy maksadymyz ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan bu örän möhüm ugurda – senagat pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlary Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin goýlan maýa goýumlarydyr” diýip nygtaýar. Nesip bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi, bir maksada gulluk edip, milli Liderimiziň daşynda jemlenmegi bilen, biz öz beýik maksatlarymyza hemişe ýeteris.
Goý, bizi beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ahmet BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.