Türkmenistan döwletimiz öz territoriýasynda dünýäde giňligi boýunça belli bolan Garagum çölüniň bardygy, şoňa garamazdan, Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek ýaly derýalaryň, emeli çekilen Garagum derýasynyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurluşygy henizem dowam edýän, ýurdumyzyň gündogaryndan günbataryna tarap 722 kilometre uzaýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwy bilen suwarylyp, täsin gözellige öwrülen tebigatynyň bardygy bilen tutuş dünýäde tanalýar. Köpetdagyň, Gubadagyň, Balkan, Köýten daglarynyň täsin jülgeleri, goja Hazaryň jana şypaly howasy bolan Awaza kenary ülkämiziň hiç ýerde gabat gelmeýän täsin gözelligine gözellik goşýar. Orta Aziýada iň köp suwly, iň uly derýa bolan, umumy uzynlygy 1415 kilometre barabar bolan Amyderýanyň 1000 kilometriniň biziň topragymyzyň üstünden geçýändigi diýseň buýsançlydyr.
Dag-derelerimiziň, oba-şäherlerimiziň, ekin meýdanlarymyzyň, ýol ýakalarymyzyň hemişe gök salyp oturan tokaýlyklara bürenip, täsin keşbe girenligi, howamyzyň arassalygy merdana halkymyzyň ençeme onýyllyklaryň dowamyndaky abyrsyz zähmeti bilen kemala getirilendir.
Häzirki bol suwly Garagum derýamyzyň ilkinji tapgyry bolan 400 kilometrlik Amyderýa-Murgap aralygy 1954-nji ýylda gurlup başlanylyp, 1959-njy ýylda tamamlandy. Derýanyň ikinji nobatdaky – 138 kilometrlik Murgap-Tejen aralygy 1960-njy ýylda tamamlandy. Uly desganyň üçünji nobatdakysynyň – Tejen-Gökdepe aralygynyň gurluşygyna 1961-nji ýylda başlanylyp, Amyderýanyň mele suwy 1962-nji ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabada getirildi. Esli wagt aralykdan soň, derýanyň Köpetdag suw howdanyndan başlanan dördünji 1181 kilometrlik tapgyrynyň tamamlanmagy bilen mele suw 1976-njy ýylda Baharly (öňki Bäherden) şäherçesine, 1978-nji ýylda Serdar (öňki Gyzylarbat) şäherine, soňra Bereket (öňki Gazanjyk) şäherçesinden uzakda bolmadyk Balkan suw howdanyna getirilýär.
Dünýäde iň uly emeli derýalaryň biri bolan bu bol suwly desganyň çekilmegi bilen onuň ýolunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam eden millionlarça gektar ekin meýdanlary, tarp ýerler özleşdirildi. Ýüzlerçe obalar, daýhan hojalyklary, ençeme täze etraplar döredildi, şäherçeler guruldy, ýollar çekildi, tokaý zolaklary döredildi.
Milli Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen erkana raýatlarymyzyň ata Watany gülletmäge – gözel ýurdumyzyň oba-şäherleriniň keşbini, dag eteklerini, sähralyklary, ilatyň ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky ýerleri gür tokaýlyga, gülzarlyga öwürmäge bolan hyjuwy has artdy. Bu ugurda soňky onýyllyklarda iňňän köp işler durmuşa geçirildi.
2000-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen, ilkinji nobatdakysy Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermeginde 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berlen “Altyn asyr” Türkmen köli Garaşsyzlyk eýýamymyzyň iň täsin desgalarynyň biridir.
Mähriban Prezidentimiz: ”Türkmen köli” biziň ýurdumyzyň dünýäniň suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygyny subut edýän hakyky innowasion taslama bolup durýar” diýmek bilen, merdana halkymyzyň bu ajaýyp desgany gurmakdaky çeken abyrsyz zähmetiniň umumadamzat ähmiýetlidigini nygtady.
Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek, ähli ýerde miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek Berkarar döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiz şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklary döretmäge adamlaryň saglygyny goramagyň, doly derejeli durmuşy we dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň dünýä derejeli maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir.
Indi ençeme ýyllardan bäri, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň baharynda we güýzünde agaç nahallarynyň ýüz müňlerçesini oturtmak däbe öwrüldi. Şu ýylyň baharynda, has takygy, 18-nji martda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi. Şol gün ýurdumyzda 416 müňe golaý agaç nahaly oturdyldy, ozal ekilen baglaryň 1 million 150 müňüsiniň düýbüne ideg edildi.
Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň derýa akabalarynyň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gür bagly kenarlarynda dynç alyş merkezlerini döretmek barada beren görkezmesi bolsa, toparlaýyn dynç almagy söýýän raýatlarymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi. Bu ajaýyp çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen gözel Diýarymyzyň bag-bakjaly künjekleriniň bagtyýar raýatlarymyzyň hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine şek-şübhe ýokdur!
Mekan Hallyýew,
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.