Kos­mos gä­mi­le­ri­ni we ra­ke­ta­la­ry­ny ön­dür­ýän “Space X” fir­ma­sy kos­mo­sa uçu­ry­lan ra­ke­ta­la­ry gaý­ta­dan ulan­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri bu ugur­da iş alyp bar­ýar. Se­bä­bi uly çyk­da­jy edi­lip ýa­sal­ýan ra­ke­ta­la­ry di­ňe bir ge­zek ula­nyp bol­ýar. At­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­kan ra­ke­ta ýa­nyp ýok bo­lup gid­ýär. Kom­pa­ni­ýa go­laý­da “Falcon 9” ra­ke­ta­sy­ny Ýu­waş um­ma­nyn­da çi­şi­ri­len plat­for­ma­nyň üs­tü­ne ýu­waş­lyk bi­len gon­dur­ma­gy ba­şar­dy. 70 metr­lik ra­ke­ta 10 mi­nut­da gon­dy. Kom­pa­ni­ýa bu ýag­da­ýyň yzy­gi­der­li ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len ra­ke­ta­lar üçin edil­ýän çyk­da­jy­la­ry ep-es­li azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär. “SpaceX”-iň “Falcon 9” ra­ke­ta­sy ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da 11 sa­ny ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­ny or­bi­ta ýer­leş­di­ren­den soň­ra dik­li­gi­ne Ýe­re gon­ma­gy ba­şa­ryp­dy.