Hok­keý bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­nyň Köln şäherinde hem-de Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de ge­çi­ri­len 81-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Şwed­ler Köln­dä­ki “Lank­sess Are­na­da” oý­na­lan fi­nal­da Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan pe­nal­ti­ler­den soň, üs­tün çyk­dy. Oý­nuň 1-nji pe­rio­dyn­da ha­sap açyl­ma­dy. 2-nji pe­rio­dyň ahyr­ky mi­nu­tyn­da Wik­tor Hed­man şwed­le­ri öňe saý­la­dy. 3-nji pe­rio­dyň 2-nji mi­nu­tyn­da-da Ra­ýan O’Re­il­li ha­sa­by deň­le­di. Şun­luk­da, oý­nuň esa­sy wag­ty deň­lik­de ta­mam­lan­dy (1–1). Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler­de 2 gol ar­tyk­maç­lyk ga­za­nan Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­daky 10-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň, 1953, 1957, 1962, 1987, 1991, 1992, 1998, 2006, 2013-nji ýyl­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Pe­nal­ti­le­riň hiç­ bi­ri­ni-de ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­dik Ka­na­da bas­syr 2 al­tyn­dan soň, bu ýyl kü­müş me­dal bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. 14-nji sa­par kü­müş me­dal ga­za­nan Ka­na­da ýa­rym fi­nal­da Rus­si­ýa­ny 4–2, Şwe­si­ýa bol­sa, baş­ga bir Skan­di­naw we­ki­li Finl­ýan­di­ýa­ny 4–1 ha­sa­byn­da utup­dy. Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da Rus­si­ýa Finl­ýan­di­ýa­ny 5–3 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 9-njy ge­zek bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip, Şwe­si­ýa­nyň hü­jüm­çi­si Wil­li­am Nýu­len­der saý­lan­dy. Rus­si­ýa­ly Ar­te­miý Pa­na­rin iň ne­ti­je­li oýun­çy bol­dy (17). Hok­keý bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty gel­jek ýyl Da­ni­ýa­nyň Ko­pen­ga­gen we Her­ning şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­ler.
Il­kin­ji sa­par 1920-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip baş­la­nan çem­pio­nat­da Rus­si­ýa­nyň 27, Ka­na­da­nyň 26, Çe­hi­ýa­nyň 12, Şwe­si­ýa­nyň 10, Finl­ýan­di­ýa­dyr ABŞ-nyň 2, B. Bri­ta­ni­ýa hem-de Slo­wa­ki­ýa­nyň 1 çem­pi­on­ly­gy bar.