Ita­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len “Rim Mas­ters” ten­nis ýa­ry­şyn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýaş ra­ket­ka­çy­lar ýe­ňi­ji bol­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­daky fi­nal­da 2-nji bel­gi­li ten­nis­çi, ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wi­çi utan ger­ma­ni­ýa­ly Alek­sandr Zwe­rew ýe­ňiş ga­zan­dy. As­ly rus bo­lan 20 ýa­şly ten­nis­çi güýç­li gar­şy­da­şy­ny 6:4 we 6:3 ha­sap­la­ry bi­len utup, “Mas­ters” ýa­ryş­la­ryn­da il­kin­ji, kar­ýe­ra­syn­da-da 4-nji sa­par çem­pi­on bol­dy. Bas­syr 4-nji ge­zek bu ýa­ry­şyň fi­na­ly­na çy­kan Jo­ko­wiç yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek ýe­ňil­di. Onuň “Rim Mas­ters” ýa­ry­şyn­da 4 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol 4 ge­ze­gem 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýe­ňi­ji Zwe­re­we pul sy­la­gy hök­mün­de 820 müň ýew­ro be­ril­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da uk­rai­na­ly Eli­na Swi­to­li­na fi­nal­da ru­my­ni­ýa­ly Si­mo­na Ha­le­pi 3 se­tiň do­wa­myn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de 6:4 utu­lan Eli­na, 2–3-nji set­ler­de ti­je­nip, 7:5 we 6:1 ha­sap­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ýyl Taý­peý, Du­baý we Stam­bul­da­ky ýa­ryş­lar­dan soň, 4-nji bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lan 22 ýaşly Swi­to­li­na kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji WTA çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny ýo­ka­ry gal­dyr­dy. Il­kin­ji ge­zek “Mas­ters” ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nan Swi­to­li­na­nyň pul baý­ra­gy-da 461 müň ýew­ro möç­be­rin­de bo­lar.