Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 6-njy ýaryşy Portugaliýada geçirildi. 19 tapgyrdan ybarat bolan 349,17 kilometrlik ýaryşy 3 sagat 42 minut 55 sekuntda tamamlan “M-Sport” (“Ford”) toparynyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiji boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, Portugaliýadaky 5-nji, şeýle hem karýerasyndaky 40-njy ýeňşidir. “Hyundai” toparyndan belgiýaly Tierri Noýwil ýeňiji Ožieden 15,6 sekunt az netije görkezip, 2-nji ýeri eýeledi. Münberiň üçünjilik basgançagyna-da “Hyundai” toparynyň başga bir piloty, ispaniýaly Dani Sordo çykmagy başardy. Geçirilen 6-njy ýaryşdan soň, Ožie 128 utuk bilen öňde barýar. 2-nji orundaky Noýwilliň 106, 3-nji hatardaky Ýari-Matti Latwalanyň-da 88 utugy bar. Indiki ýaryş 8–11-nji iýun aralygynda Italiýada geçiriler.