Basketbol boýunça Ýewropa klublarynyň arasyndaky iň uly ýaryş bolan THÝ Ýewroligada Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary çempionlyga eýe boldy. Olar Stambulda oýnalan “Final Four”-yň jemleýji duşuşygynda Gresiýanyň “Olimpiakos” toparyny 80–64 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bogdanowiç bilen Kaliniç hersi aýratynlykda 17 utuk geçirip, toparynyň çempion bolmagynda uly rol oýnady. Şunlukda, 2015-nji ýylda 3-nji, geçen ýyl 2-nji ýeri eýelän “Fenerbahçe” taryhynda ilkinji gezek yklymyň iň uly kubogyny asmana göterdi. “Fenerbahçe” Ýewroligada çempion bolan 21-nji klub diýlip, hasaba alyndy. Türk toparynyň dünýä belli tälimçisi Želko Obradowiç 9-njy gezek Ýewroliga kubogyny gazandy. Bu duşuşyk onuň tälimçi hökmünde Ýewroligadaky 500-nji oýny boldy.
Bürünç medal ugrundaky göreşde geçen ýylyň çempiony Moskwanyň SSKA-sy bu ligany iň köp gazanan “Real Madridi” 97–70 hasabynda ýeňmegi başardy. Stambuldaky Sinan Erdem Arenada oýnalan “Final Four”-yň ýarym finalynda “Fenerbahçe” “Real Madridi” (84–75), “Olimpiakosam” SSKA-ny (82–78) utupdy. “Final Four”-yň iň gymmatly oýunçysy diýlip, “Fenerbahçe” toparynyň amerikaly oýunçysy Ekpe Udo, şeýle-de Ýewroligada möwsümiň iň gymmatly oýunçysy-da “Real Madridden” Serjio Llull saýlandy.