* Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Se­rie A-da” 37-nji tap­gyr­da “Kro­to­ne” to­pa­ry­ny 3–0 (Man­žu­kiç 12, Di­ba­la 39, Aleks Sand­ro 83) ha­sa­byn­da utan “Ýu­wen­tus” bas­syr 6-njy, umu­my­lyk­da 33-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy. Tu­rin­li­ler Ita­li­ýa­da yz­ly-yzy­na 6 çem­pi­on­lyk gazanan il­kin­ji to­par­dyr.
* Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty “La Li­ga­da” “Re­al Mad­rid” hem 33-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Mad­rid­li­ler 38-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “Ma­la­ga­dan” Ro­nal­do (2) we Ben­ze­ma­nyň (55) gol­la­ry bi­len üs­tün çy­kyp, 5 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.
* Soň­ky oýun­da 2 gol geçiren Pier-Emerik Oba­me­ýang (“Borussia D.”) çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 31-e ýe­ti­rip, möw­sü­miň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy bol­dy. Ol “Bun­des­li­ga­da” En­to­ni Ýe­boa­dan soň (“Aýnt­raht­da”, 1992/93, 1993/94 möwsümleri), iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy ady­ny alan 2-nji af­ri­ka­ly fut­bol­çy bol­dy.
* “Ar­se­nal” “Ewer­to­ny” 3–1 hasabynda ýeň­se-de, 4-nji or­na ge­çip bil­me­di. Şun­luk­da, “Ar­se­na­lyň” tä­lim­çi­si we oýun­çy­la­ry, şol san­da jan­kö­ýer­le­ri 1998/99 möw­sü­min­den bä­ri, ýag­ny 19 ge­zek yz­ly-yzy­na gat­na­şan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na tä­ze möw­süm­de te­le­wi­zor ar­ka­ly se­ret­me­li bo­larlar. Şeý­le-de “Arsenal” 1994/95 möw­sü­min­den soň, il­kin­ji ge­zek çempionatda eze­li bäs­de­şi “Tot­ten­ham­den” yza gal­dy.
* “Tot­ten­ham” li­ga­dan dü­şen “Hall Si­ti” to­pa­ry­na neb­si agyr­ma­dy. Lon­don­ly­lar myh­man­çy­lyk­da la­py­keç gar­şy­da­şy­ny 7–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Oýun­da 3 gol ge­çi­ren Har­ri Keýn gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 29-a ýe­ti­rip, bassyr 2-nji gezek çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­dy.