Il­kin­ji­si 2003-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­karylan “Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry” fan­tas­tik baş­dan ge­çir­me film­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­ne bi­ri, has ta­ky­gy, bä­şin­ji­si go­şul­ýar. Bu film­de-de baş keş­bi – ka­pi­tan Jek Spar­ro­wyň keş­bi­ni, öň­ki bö­lüm­le­riň iň esa­sy ýyl­dy­zy Jon­ni Depp jan­lan­dyr­ýar. Os­ka­ryň da­laş­gä­ri “Kon-Ti­ki” fil­mi bi­len ady­gan nor­we­gi­ýa­ly re­žiss­ýor­lar – Ýoa­him Ron­ning we Es­pen Sand­ber­giň bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şü­ren ki­no­syn­da beý­le­ki keşp­ler­de-de Ha­wi­er Bar­dem, Bren­ton Twai­tes, Ka­ýa Sko­de­la­rio, Kewin Mak­Nal­li, Jeff­ri Raş da­gy çy­kyş ed­ýär. Öň­ki 3 fil­miň baş gah­ry­man­la­ry­ny jan­lan­dy­ran Or­lan­do Blum bi­len Ki­ra Naýt­li hem tä­ze ek­ran ese­rin­de az wagt­lyk hem bol­sa gör­ner­. Fil­miň sse­na­ri­si­ni Jeff Na­ten­son ýaz­dy. 230 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len ki­no 129 mi­nut­lap do­wam ed­ýär. Kino Awst­ra­li­ýa­da, Pu­er­to Ri­ko­da, Ka­na­da­da, Mek­si­ka­da, Gü­nor­ta Af­ri­ka­da, şeý­le hem ABŞ-nyň Lui­zia­na we Nýu Or­leans ştat­la­ryn­da su­ra­ta alyn­dy.
Mun­dan öň­ki 4 ki­no üçin 1 mil­liard 50 mil­li­on do­llar tö­we­re­gi pul harç­la­nyp­dy. Ýö­ne ki­no muş­dak­la­ry­nyň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan bu film­ler top­lu­my pro­kat­dan 3 mil­liard 730 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp, çyk­da­jy­nyň öwe­zi­ni aň­ry­ýa­ny bi­len dol­updy. 2-nji we 4-nji film­ler gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­ren ki­no­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lyp­dy. Bi­ler­men­ler 5-nji fil­miň-de pro­kat­da azyn­dan şol girdejini gazan­ma­gy­na ga­raş­ýar.
Ka­pi­tan­la­ryň şa­sy Jek Spar­row tä­ze baş­dan ge­çir­me­de aý­by­ga­dym ka­pi­tan Sa­la­zar we onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ar­wah ga­rak­çy­la­ryň gar­şy­sy­na gö­reş alyp bar­ýar. Ol Sa­la­za­ryň ga­za­byn­dan gu­tul­mak üçin as­man ji­sim­le­ri­ni öw­re­ni­ji gyz Ka­ri­na Smit hem-de öz­di­ýen­li ýaş de­ňiz­çi Hen­ri bi­len Po­seý­do­nyň ha­sa­sy­ny tap­mak üçin şert­na­ma bag­laş­ýar…

Ady: “Karib deňziniň garakçylary – 5” (Pirates of the Caribbean: Dead Men Tell No Tales); Režissýory: Ýoahim Ronning, Espen Sandberg; Keşplerde: Jonni Depp, Hawier Bardem, Brenton Twaites, Kaýa Skodelario, Kewin MakNalli, Jeffri Raş, Orlando Blum, Kira Naýtli; Ssenariçi: Jeff Natenson; Prodýuseri: Jerri Brukhaýmer; Kompozitory: Jeoff Zanelli; Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Jerry Bruckheimer Films”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 129 minut; Görnüşi: fantastik, başdan geçirme, uruşly, komediýa;
Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 230 million $.