Us­sat akt­ýor Ar­nold Şwar­se­neg­ger özü­ne Ýer ýü­zün­de uly meş­hur­lyk ga­zan­dy­ran “Ter­mi­na­tor” film­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­ne bi­ri­niň go­şul­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol bu film­de-de su­ra­ta düş­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ek­ran ese­ri­ne bel­li re­žiss­ýor Jeýms Ka­me­ron prod­ýu­ser­lik eder. Iň soň­ky “Ter­mi­na­tor” fil­mi 2015-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp­dy. On­da Şwar­se­neg­ger­den baş­ga-da Emi­li Klark, Jeý­son Klark we Jeý Kort­ni da­gy su­ra­ta dü­şüp­di. Tä­ze fil­miň önüm­çi­li­gi ba­ra­daky jikme-jik mag­lu­mat­lar öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar.