“Jeýms Bond” film­le­ri bi­len ady­gan, “Ser” ny­şa­ny­nyň eýe­si, iň­lis akt­ýo­ry Ro­jer Mur 89 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 1927-nji ýy­lyň 14-nji okt­ýab­ryn­da Lon­don­da dün­ýä inen akt­ýor 1937-nji ýyl­da “Go­şa toý” fil­min­de ki­çeň­räk keş­bi jan­lan­dyr­dy. 1945-nji ýyl­dan bä­ri-de on­lar­ça ki­no­ny be­zän akt­ýor 1973–85-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da özü­ne dün­ýä de­re­je­sin­de uly meş­hur­lyk ga­zan­dy­ran “Jeýms Bond” film­le­rin­de Şon Kon­ne­ri­den soň, baş keş­bi, Jeýms Bon­duň keş­bi­ni jan­lan­dyr­dy. Ol 7 sa­ny “Jeýms Bond” fil­min­de su­ra­ta düş­di. 1991-nji ýyl­dan bä­ri ÝU­NI­SEF-iň we­ki­li hök­mün­de yn­san­per­wer­lik çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­an Muruň 3 ça­ga­sy bar.