Ýur­du­my­zyň mil­li fut­bol çem­pio­na­ty ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Ge­çi­ri­len 15–16-njy tap­gyr­lar­da “Bal­kan” to­pa­ry uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler ga­zan­dy. Il­ki bi­len, myh­man­çy­lyk­da “Mer­wi” 4–0, soň­ra-da öz meý­dan­ça­syn­da “Aş­ga­bat” to­pa­ry­ny 5–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji oýun­da­ky 4 pök­gi­ni-de soň­ky 23 mi­nut­da ge­çi­ren “Bal­ka­nyň” gol­la­ry­ny Azat Ga­ra­ja­ýew, Hem­ra Aman­mäm­me­dow hem-de Yh­las Mag­ty­mow (2) der­we­zä gi­riz­di. 2-nji du­şu­şyk­da-da 1-nji ýa­rym­da 1 gol ge­çi­ren ýer eýe­le­ri oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da ha­sa­by art­dyr­dy­lar. Oýun­da Mäm­me­da­ly Ka­ra­da­now bi­len Yh­las Mag­ty­mo­wyň her­si 2 ge­zek­den, şeý­le-de Hem­ra Aman­mäm­me­dow 1 sa­par ta­pa­wut­lan­dy. 15-nji tap­gyr­da “Al­tyn asyr” “Aş­ga­bat­dan” 2–1 ha­sa­byn­da utu­lyp, şu ýyl 2-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. “Al­tyn asyr” soň­ky tap­gyr­da, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýe­wiň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da “Kö­pet­da­gyň” to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di. Sa­na­wyň li­de­ri “Ahal” 15-nji tap­gyr­da “Ener­ge­tik” bi­len du­şuş­dy. Oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. “Şa­ga­dam” myh­man­çy­lyk­da “Tu­ra­ny” 2–0 ha­sa­byn­da utup, utu­gy­ny 28-e ýe­tir­di we “Aha­la” bir ädim go­laý­la­dy.