1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçildi. 1-nji iýun – çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, çagalaryň hemişe goraga, alada mätäçdigi we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygyna, hemmetaraplaýyn ösüşine we terbiýelenilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň syýasy ugruny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, mynasyp durmuşyny üpjün etmek, şol sanda her bir çaganyň lukmançylyk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesliň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak, ýaşlaryň häzirki zaman derejede bilim hem-de watançylyk terbiýesini almagynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirilýär.
Çagalary goramagyň halkara gününiň baýramçylygy Aýallaryň halkara demokratik federasiýasynyň Geňeşliginiň sessiýasynyň karary esasynda 1949-njy ýylyň noýabrynda esaslandyrylyp, her ýylyň 1-nji iýunynda bellenip geçilýär. Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bellenilip geçilipdir.
Çagalaryň halkara gününe bagyşlanan ýörite nyşany bar. Onda ýaşyl reňkiň saýasynda Ýer togalagy şekillendirilip, onuň töwereginde çagalaryň el-ele berip duran görnüşlerini alamatlandyrýan dürli reňkdäki şekiljikler suratlandyrylypdyr.
Çagalyk – ol biziň köpimiz üçin iň bagtly günlerimiz bolup, çagalyk we ýaşlyk ýyllarymyz ýadymyza düşende bizi mähirli duýgular gurşap alýar. Şonuň üçin goý, biziň döwrümiziň çagalarynyň hem ýene-de birnäçe ýyldan çagalyk ýyllaryny mähir we söýgi bilen ýatlamagy üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmalyň.