Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy däp boýunça iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk çäreleri – duşuşyklar we sergiler, dürli bäsleşikler hem-de aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň – tikinçileriň we dokmaçylaryň, el işleriniň ussatlarynyň hormatyna şu günler dokma kärhanalarynda dürli çäreleriň geçirilmegi döwlet tarapyndan bu pudagyň işgärleriniň ýokary hünär derejesine goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu baýramçylyk dokma senagatynda gazanylan üstünlikleri giňden görkezmäge, daşary ýurtlardan köp sanly hyzmatdaşlary pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amala aşyrylýan iri göwrümli taslamalara işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň önümçilik kuwwatlylygy 70-den gowrak kärhanadan, şol sanda iň täze enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen dokma toplumlarynyň 30-dan gowragyndan ybaratdyr. Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň 30 müňden gowragy pagta egriji, dokma, tikin, ýüpek önümçiligi kärhanalarynda zähmet çekmek bilen, daşary ýurtlarda öndürilýän şunuň ýaly önümler bilen bäsleşmäge ukyply dokma önümleriniň giň görnüşini öndürýärler.
Ýurdumyzda öndürilen dokma önümleri köp sanly sergilerde, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän pudaklaýyn gözden geçirilişlerde görkezilýär we uly islegden peýdalanylýan, ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerimiz dünýä bazarlaryna iberilýär. Şonuň üçin hem bu şanly sene mynasybetli her ýyl Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň Aşgabatda bilelikde geçirýän halkara sergisi sebitde iň abraýly dokma önümleriniň gözden geçirilişiniň biri bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy dokma kompaniýalarynyň we söwda merkezleriniň ünsüni özüne çekýär.
Serginiň guramaçylary gelip görýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolan trikotaž-tikin önümçiliginiň iň gowy nusgalaryny görkezmäge aýratyn üns berýärler. Bu ýylky geçiriljek sergide hem tomus möwsüminde dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen lybaslaryň täze toplumlary, şol sanda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň nusgalary görkeziler.