Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli milli maksatnamalar ekologiýa ýagdaýy bilen sazlaşykly amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak meselesi tebigaty goramagyň milli strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge daýanýar. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi bu ugurda giň gerimli işleriň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüşe eýerýändigine Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramaga degişli maksatnamalaryna goşulmagy hem şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde Diýarymyzyň döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen bagy-bossanlyga öwrülýändigi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigi biziň her birimizde guwanç duýgusyny döredýär. Uzynlygy 103 kilometr, ini 18,6 kilometr, ortaça çuňlugy 69 metr, sygymy 132 milliard kubmetr bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeý suwlaryny Amyderýa akdyrylmagyny bes etmekde, goňşy çäklere duzuň we tozanyň geçmegini azaltmakda, suwuň we topragyň hilini gowulandyrmakda, ýerasty suwlary ikilenç peýdalanyp, dürli ösümlikleri ösdürmek işinde tejribe toplamakda, serhetýaka ýerleriň biogörnüşlerini gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.
Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň köpsanly abraýly halkara guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Daşky gurşawy goramak we aýawly saklamak, türkmen tebigatyny gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Çünki daşky gurşawy goramak ählihalk işidir.