Ki­no sun­ga­ty­nyň iň uly sy­la­gy el­bet­de, hem­mä mä­lim bol­şy ýa­ly, Os­kar baý­ra­gy­dyr. Ol ki­no sun­ga­ty­nyň dür­li we­kil­le­ri­ne gow­şu­ryl­ýar. Ýö­ne ta­ryh­da bu ar­zy­ly baý­ra­gy fut­bol­çy hem alyp­dyr. 1915-nji ýyl­da dün­ýä inen şot­lan­di­ýa­ly Ne­il Pa­ter­son (do­ly ady Jeýms Ed­mund Ne­il Pa­ter­son) Edin­burg uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­la­ýar. Ol şol uni­wer­si­te­tiň fut­bol to­pa­ryn­da oý­nap baş­la­ýar. Soň­lu­gy bi­len “Ba­ki Tisl”, “Le­it At­le­tik” ýa­ly pro­fes­sio­nal däl to­par­lar­da çy­kyş ed­ýär. 1936/1937 fut­bol möw­sü­min­de-de Şot­lan­di­ýa­nyň meş­hur “Dan­di Ýu­naý­ted” klu­bu­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny hem bo­lan çep gy­ra­ky ýa­rym­go­rag­çy 29 oýun­da 9 gol ge­çir­ýär. Ol bir oýun­da het-trik hem ed­ýär. Pa­ter­son fut­bo­ly taş­la­nyn­dan soň, žur­na­list, soň-soň­la­ram ýa­zy­jy bol­ýar. Ol ro­man­dyr ki­çi­jik he­ka­ýa­lar hem-de sse­na­ri­ler ýa­zyp baş­la­ýar. Şol sse­na­ri­le­riň bi­ri-de oňa 1959-njy ýyl­da Os­kar baý­ra­gy­ny ga­zan­dyr­ýar. Pa­ter­so­na “Iň ýo­kar­da­ky otag” at­ly fil­miň sse­na­ri­si üçin iň go­wy uý­gun­laş­dy­ry­lan (adap­tir­le­nen) sse­na­riý diý­len ugur­da Os­kar ga­zan­mak mi­ýes­ser ed­ýär. Baş­ga-da bir­nä­çe fil­miň sse­na­ri­si­ni ýa­zan Pa­ter­son 1995-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Şeý­le­lik­de, il­ki-il­ki­ler kär hök­mün­de fut­bol­çy­ly­gy saý­lan hem bolsa, soň-soň­lar aýa­gyn­da­ky but­sy­sy­ny çy­ka­ryp, eli­ne ga­lam al­ýar. Ne­ti­je­de, ýa­zan sse­na­ri­le­ri­niň bi­ri oňa Os­kar baý­ra­gy­ny ga­zan­dyr­ýar.