Ýew­ro­pa­da hä­zir­ki wag­ta çen­li 7 to­par bir möw­süm­de mil­li çem­pio­nat­da, ku­bok ýa­ry­şyn­da hem-de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. “Sel­tik”, “Aýaks”, PSW, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”, “In­ter”, “Ba­wa­ri­ýa” 1 ge­zek, 2009-njy we 2015-nji ýyl­lar­da-da “Bar­se­lo­na” 2 sa­par mu­ny ba­şar­dy. Maý aýyn­da 4 gü­nüň do­wa­myn­da il­ki ku­bok ýa­ry­şyn­da, soň­ra-da çem­pio­nat­da al­tyn me­dal alan “Ýu­wen­tu­sam” bu ta­ry­hy ba­şar­ny­gyň bo­sa­ga­syn­da dur. Is­pa­ni­ýa­da ku­bok ýa­ry­şyn­dan ir çy­kan “Re­al Mad­rid” “Laa Li­ga­ny” çem­pi­on­lyk bi­len ta­mam­la­dy. “Re­al Mad­rid” iň soň­ky sa­par 1957/58 möw­sü­min­de, ýag­ny 59 ýyl ozal, hem “La Li­ga­da”, he­mem Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy.
Mun­dan öň, Ýew­ro­pa­da bir möw­süm­de 3 ku­bo­gy-da ga­za­nan klub­lar: “Sel­tik”–1966/67, “Aýaks”–1971/72, PSW–1987/88, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”–1998/99, “Bar­se­lo­na”–2008/09, “In­ter”–2009/10, “Ba­wa­ri­ýa”–2012/13, “Bar­se­lo­na”–2014/15.
“Ýu­wen­tus” fi­na­la çen­li oý­nan 12 du­şu­şy­gyn­da 21 gol ge­çir­di, 3 gol ge­çirt­di. “Re­al Mad­rid” fi­na­la çen­li oý­nan 12 du­şu­şy­gyn­da 32 gol ge­çir­di, 17 gol ge­çirt­di. Ku­bo­gy köp gol ge­çi­ren­mi ýa-da az gol ge­çir­den klub ga­za­nar?
“Ýu­wen­tus” 12 oý­nuň 9-syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy, 3 oýun­da-da (2-si 0–0) deň­me-deň oý­na­dy, ýe­ke ge­ze­gem utul­man fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. “Real Mad­rid” 12 oý­nuň 8-n­de ýe­ňiş ga­zan­dy (bi­rin­de goş­ma­ça wagt­da), 3-sin­de deň­me-deň oý­na­dy, di­ňe 1 du­şu­şyk­da utul­dy.
Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny 4 to­par 2 ge­zek, 5 to­pa­ram 1 sa­par ýeň­liş­siz ga­zan­ma­gy ba­şar­dy: “Li­wer­pul”–1980/81, 1983/84; “Mi­lan”–1988/89, 1993/94; “Aýaks”–1971/72, 1994/95; “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”–1998/99, 2007/08; “In­ter”–1963/64; “Not­tin­gem Fo­rest”–1978/79; “Srwe­na Zwez­da”–1990/91; “Mar­sel”–1992/93; “Bar­se­lo­na”–2005/06.
* * *
“Ýu­wen­tus” “Aýaks” bi­len 2 ge­zek fi­nal­da du­şu­şyp, 1-nji­sin­de 1–0 utu­lyp­dy. 23 ýyl­dan soň “Ýu­wen­tus” bi­len “Aýaks” ýe­ne-de fi­nal­da ga­bat­la­şyp, bu sa­par ital­ýan to­pa­ry pe­nal­ti­ler­den soň, ýeň­şi­ni baý­ram edip­di. “Re­al Mad­rid” ir­ki ýyl­lar­da fran­suz­la­ryň “Stad de Reims” to­pa­ry­ny 2 fi­nal­da-da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Il­ki 4–3, 3 ýyl­dan so­ňam 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Şeý­le-de “Re­al Mad­rid” şä­he­riň beý­le­ki to­pa­ry “At­le­ti­ko” bi­le­nem 2 sa­par fi­nal­da ga­bat­laş­dy. Iki­sin­de-de kyn­lyk bi­le­nem bol­sa, “Re­al” ku­bo­gy ga­za­nan ta­rap bol­dy. Ýo­kar­da­ky gör­ke­zi­ji­le­re se­ret­seň, “Re­al” bir ädim öň­de ýa­ly. Ýö­ne “Ýu­wen­tu­sam” öň utu­lan to­pa­ryn­dan 2-nji sa­par ýe­ňil­män­dir.