Ang­li­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ku­bo­gy­na (FA Ku­bo­gy­na) Lon­do­nyň “Ar­se­na­ly” my­na­syp bol­dy. Olar “Wemb­li­de” oý­na­lan fi­nal­da Lon­do­nyň beý­le­ki bir to­pa­ry “Çel­si” bi­len du­şuş­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da De­mir­ga­zyk lon­don­ly­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Top­çu­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Alek­sis San­çes (4) bi­len Aa­ron Ram­si (79) der­we­zä gi­riz­di. 1 oýun­çy­sy gy­zyl alan “Çel­si­niň” pök­gü­si­ni-de Die­go Kos­ta (76) öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, “Ar­se­nal” soň­ky 4 ýyl­da 3-nji, umu­my­lyk­da-da 13-nji sa­par FA ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. “Ar­se­nal” 136-njy ge­zek ge­çi­ri­len FA ku­bo­gy­ny iň köp alan to­par di­ýen ady eýe­le­di. Şeý­le-de Ar­sen Wen­ger 7-nji ge­zek FA ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­te­rip, bu ugur­da iň ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zen tä­lim­çi bol­dy.
* * *
Fran­si­ýa­nyň ku­bo­gy­na yz­ly-yzy­na 3 ge­zek “Pa­ri Sen Žer­men” to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Pa­riž­li­ler Sen De­ni­dä­ki “Stad de Frans” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da “An­že” to­pa­ry­ny 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. PSŽ to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk pök­gi­ni oý­nuň 90+1-nji mi­nu­tyn­da, il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan “An­že­niň” go­rag­çy­sy Is­sa Sis­sok­ho ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den ge­çir­di. Bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 11-nji ge­zek Fran­si­ýa­nyň ku­bo­gy­ny ga­za­nan PSŽ to­pa­ry “Mar­sel­den” öňe saý­la­nyp, re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy.