Is­pa­ni­ýa­nyň Şa ku­bo­gy­ny (Copa del Rey) bas­syr 3-nji ýo­la “Bar­se­lo­na” to­pa­ry ga­zan­dy. Olar 115-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da “Ala­wes” to­pa­ryn­dan 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “Wi­sen­te Kal­de­ron­da” oý­na­lan oý­nuň gol­la­ry­nyň äh­li­si-de 1-nji ýa­rym­da der­we­zä urul­dy. Ka­ta­lon­la­ryň adyn­dan Mes­si (30), Neý­mar (45), Al­ka­ser (45+1), il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan “Ala­wes­de­nem” Teo (33) ta­pa­wut­lan­dy. “Bar­se­lo­na” Şa ku­bo­gyna 29-njy ge­zek my­na­syp bo­lup, 23 ku­bok­ly 2-nji ha­tar­da bar­ýan “At­le­tik­den” ýe­ne-de ara­ny aç­dy.
* * *
Por­tu­ga­li­ýa­nyň ku­bo­gy bäs­le­şi­gi­niň fi­na­lyn­da “Ben­fi­ka” bi­len “Wi­to­ria de Gi­ma­raýnş” to­par­la­ry du­şuş­dy. 1-nji ýa­rym­da ha­sap açyl­ma­dy. “Ben­fi­ka” 48-nji mi­nut­da Ra­ul Hi­me­ne­siň hem-de 53-nji mi­nut­da-da Eduar­do Sal­wio­nyň gol­la­ry bi­len öňe saý­lan­dy. Bon­ga­nu Zun­gu­nyň 78-nji mi­nut­da­ky go­ly “Wi­to­ria” to­pa­ry­na ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ben­fi­ka” 2014-nji ýyl­dan soň, 26-njy ge­zek ku­bo­gy eýe­le­me­gi ba­şar­dy.